Sergeý Lawrow Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň depginine ýokary baha berdi

BIZNES TURKMENISTAN
Sergeý Lawrow Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň depginine ýokary baha berdi
Hazar sebitiniň Ýewraziýada multimodal transkontinental ýük daşamalarynda iň uly geçelge bolmak mümkinçilikleri bar.

Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýokary depgini gazandy we täze sepgitlere ýetdi. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow “Halkara gatnaşyklar” žurnalynda sişenbe güni çap edilen “Hazar deňzi - hoşniýetli goňşuçylygyň ýeketäk sebidi” atly makalasynda bellenilýär.

Lawrow şu ýylyň iýul aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen VI Hazar sammitiniň wajyplygyna üns çekip, onuň dowamynda Döwlet Baştutanlarynyň Hazaryň ulag, energetika we tebigy baýlyklaryny ulanmak, şeýle hem daşky gurşawy goramak we medeni-syýahatçylyk ugrundaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Lawrowyň belleýşi ýaly, sammitiň dowamynda birnäçe konstruktiw başlangyçlar öňe sürüldi, ýagny Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Hazar sebitinde azyk söwda merkezini we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň işewürlik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek teklipleri beýan edildi.

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliginden peýdalanmak arkaly Hazar sebitiniň Ýewraziýada multimodal transkontinental ýük daşamalarynda iň uly geçelge bolmak mümkinçilikleri bar diýip, Russiýanyň Daşary işler ministri belledi.

Şeýle hem, Sergeý Lawrow Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine üns çekip, onuň ilkinji duşuşygynyň 2019-njy ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilendigini aýtdy.

Russiýanyň Baş diplomaty II Hazar ykdysady forumyň şu ýylyň oktýabr aýynda Moskwa şäherinde geçiriljekdigini we onuň söwda hem-de ykdysady ugurlarda täze itergi berjekdigine ynam bildirýändigini aýtdy.

Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji sammitinde gol çekildi.

2022