Türkmenistanda ýaş maşgalalara niýetlenen ýeňillikli karz üç esseden gowrak artdyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýaş maşgalalara niýetlenen ýeňillikli karz üç esseden gowrak artdyryldy
Ýaş maşgalalar girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhletli 20 müň manada çenli ýeňillikli karz alyp bilerler.

Türkmenistanda durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli karz serişdeleriniň möçberi üç esseden gowrak artdyryldy.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirlen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalar girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhletli  20 müň manada çenli  ýeňillikli karz alyp bilerler.

Bu resminana ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Mundan ozal, ýaş maşgalalara niýetlenen ýeňillikli karzyň möçberi 6 müň manatdy.

2022