Daşkentde Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan ulag geçelgesiniň ösüşi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşkentde Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan ulag geçelgesiniň ösüşi maslahatlaşyldy
“Çabahar” porty, Eýran

Özbegistanyň Maýa goýumlary we daşary söwda ministrliginiň resmileri sişenbe güni Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady hem-de durmuş komissiýasynyň (ESKATO) wekilýeti bilen Daşkentde geçirilen duşuşygyň dowamynda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan ulag geçelgesini ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda, taraplar Özbegistan bilen Hindistanyň arasyndaky ösüp barýan söwda dolanşygyna ýardam bermek zerurlygy sebäpli döredilýän täze ulag geçelgesiniň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny ösdürmek barada ylalaşyga geldiler we bu dolanşyk ýakyn geljekde 1 milliard ABŞ dollaryna ýeter” diýip, Özbegistanyň Maýa goýumlary we daşary söwda ministrliginiň resmi metbugaty habar berdi.

Bu ulag geçelgesi şeýle hem, söwda dolanyşygyny ýylda 3,2 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek isleýän Merkezi Aziýa we Hindistan arasynda bökdençsiz haryt söwdasynyň üpjün edilmegine niýetlenendir.

Eýranyň günorta-gündogarynda we Oman aýlagynda ýerleşýän “Çabahar” porty ýurduň ýeke-täk çuň suw porty bolup, “Şahid Kalantari” we “Şahid Beheşti” atly iki aýry portdan ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022