Türkmenistanda ýolagçy awtomenzilleri açylyp ulanylmaga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýolagçy awtomenzilleri açylyp ulanylmaga berildi
Döwlet Baştutanymyz täze ýolagçy awtomobil menzilleriniň halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etjekdigine pugta ynam bildirip, olaryň açylyşyna ak pata berdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli şenbe güni Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde häzirki zaman ýolagçy awtomenzilleri açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Täze awtomenzilleriň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň  Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň awtomobil pudagy döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine uly goşant goşýar we goňşy döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz täze ýolagçy awtomobil menzilleriniň halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etjekdigine pugta ynam bildirip, olaryň açylyşyna ak pata berdi.

Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerindäki ýolagçy awtomenzilleri Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Balkanawtoulag”, “Daşoguzawtoulag”, “Lebapawtoulag”, “Maryawtoulag” önümçilik birleşikleriniň buýurmasy esasynda guruldy.

Her desganyň umumy meýdany 30 müň inedördül metr bolup, birbada 700 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Şeýle hem meýdanlary 2150 we 2100 inedördül metr bolan açyk hem-de ýapyk awtoduralgalar 100 we 112 ýeňil awtoulaga niýetlenendir.

Ähli amatlyklary bolan döwrebap awtomenzillerde dolandyryş binalary, duralgalar, sanly ulgam arkaly hyzmat ediş bölümleri, ýokary hilli ulag hyzmatlary, petekleri onlaýn tertipde satyn almak hyzmatlary ýolagçylar üçin has oňaýly şertleri döreder diýip, Türkmenistanyň resmi metbugat beýanatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirlen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda 1000 sany “Toyota Coaster” kysymly orta synply we 250 sany “Toyota Hiace” kysymly kiçi awtobuslary, olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda Karara gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022