Türkmenistanda Garaşsyzlygyň şanly 31 ýyllyk baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilýär

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň şanly 31 ýyllyk baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilýär
Baýramçylyk ýörüşine parlamentiň we jemgyýetçiligiň, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň hemmesiniň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynyň, şeýle hem ýurduň sebitleriniň ählisiniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramy sişenbe güni ýurdumyzyň ähli künjeginde dabaraly ýagdaýda bellenilýär.Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Baýramçylyk güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda däp boýunça Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.

Gül goýmak dabarasyna hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Soňra Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda bu şanly senä bagyşlanan harby ýöriş geçirildi. Harby ýöriş türkmen Watan goragçylarynyň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi ýöriş ussatlygyny, harby tehnikalaryň we ýaraglaryň nusgalaryny görkezdiler.

Baýramçylyk ýörüşine parlamentiň we jemgyýetçiligiň, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň hemmesiniň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynyň, şeýle hem ýurduň sebitleriniň ählisiniň wekilleri gatnaşdylar.

Mundan başga-da, ýurdumyzda we daşary döwletlerde  baýramçylyk mynasybetli birnäçe möhüm çäreler geçirilýär.

Şeýle-de ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna dürli maksatly desgalar açylyp ulanylmaga berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramy bilen gutlady. Gutlagda Döwlet Baştutanymyz: “Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi” diýip, aýdýar.

2022