Sentýabr III hepde: eksport geleşikleri $7,5 milliondan gowrak boldy

BIZNES TURKMENISTAN
Sentýabr III hepde: eksport geleşikleri $7,5 milliondan gowrak boldy
Daşary ýurtly işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) geçen hepde daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 7 million 558 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň telekeçileri nah ýüplügini, tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümlerini, float list aýnany satyn aldylar.

Şeýle-de manat serişdelerine Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 1 million 161 müň manat bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 11 million 938 müň manat bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.

TDHÇMB-nyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

 

2022