Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Ýedinji çapyşykda ýeňiji bolan çapyksuwara hormatly Prezidentimiziň baýragy — 300 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Baýramçylyk mynasybetli çapyşyklarda ahalteke bedewleri 7 çapyşykda dürli aralyklarda ýaryşdylar. Ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynda, 1-6-njy çapyşyklaryň ýeňijilerine 100 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy. Ýedinji çapyşykda ýeňiji bolan çapyksuwara hormatly Prezidentimiziň baýragy — 300 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy

Baýramçylyk dabaralarynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin gelen “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy Piter Kallos bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Piter Kallos köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda netijeli işleýän “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen kenarynda geljegi uly uglewodorod ýataklaryny işläp geçmek hem-de nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak boýunça mundan beýläk-de ýakyn hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Markwart fon Pents Döwlet Baştutanymyza ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde alnyp barylýan işler barada habar berdi hem-de kompaniýanyň hyzmatdaşlygy giňeltmegi we Türkmenistana getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekiş we hasyl ýygnaýjy tehnikalaryň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýändigini belledi.

Türkmenistan 27-nji sentýabrda şanly Garaşsyzlygyň 31 ýyllyk baýramyny belledi.

2022