Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Prezidenti Odil Reno-Basso bilen Ýewropanyň komissary Ýutta Urpilaýnen çarşenbe güni Merkezi Aziýada mikro, kiçi we orta kärhanalara goldaw bermek maksatly täze taslamany ýola goýdular.
ÝTÖB-iň 28,6 million ýewrolyk bu maksatnamasynyň 5,3 million ýewrosy Ýewropa bileleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bu maksatnama Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky mikro, kiçi hem-de orta kärhanalary maliýeleşdirmäge, şeýle hem nou-haular bilen üpjün etmäge ýardam berer. Bu barada ÝTÖB-niň metbugat beýanatynda habar berildi.
Beýanata görä, ÝTÖB-iň Prezidenti we Ýewropanyň komissary Brýusselde iki guramanyň arasynda geljekki hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän täze Maliýe hyzmatdaşlygynyň şertnamasyna gol çekdiler.
ÝB, ÝTÖB-e agza döwletler we Ýewropanyň maýa goýum banky bilen bir hatarda ÝTÖB-iň paýdary we esaslandyryjysydyr. Bank döredilen gününden bäri umumy pul serişdeleriniň 40%-i (ýylda 500 million ýewro çenli) ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýär.