ÝTÖB: Merkezi Aziýa sebiti Aziýanyň ulag merkezi bolup biler

BIZNES TURKMENISTAN
ÝTÖB: Merkezi Aziýa sebiti Aziýanyň ulag merkezi bolup biler
Iň uly we döwrebap Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýa sebitlerini birikdirmekde has uly orna eýe bolup biler.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) infrastruktura boýunça baş ykdysadyýetçisi Idil Bilgiç Alpaslan anna güni Brusselde geçen Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa we Merkezi Aziýa arasynda durnukly ulag arabaglanyşyklar boýunça seminarynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa sebitiniň geografiki taýdan örän amatly çäkde ýerleşendigini, Hytaý we Günorta Aziýany Ýewropa bilen birikdirýändigini nazara alyp onuň Aziýada ulag merkezi bolup çykyş etmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Bu barada seminara gatnaşan Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Palwanow “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda aýtdy.

Bu çäre Ýewropa Komissiýasy we ÝTÖB tarapyndan gurnaldy.

Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) tarapyndan geçirilen öwreniş işler barada prezentasiýa bilen çykyş eden Idil Bilgiç Alpaslanyň belleýşi ýaly, Gazagystanyň we Türkmenistanyň Hazar deňzine çykalgasynyň bolmagy bu ýurtlaryň transport geçelgesinde esasy orny eýelemegine mümkinçilik berýändigini, esasan hem deňizde göwrümi boýunça iň uly we döwrebap Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sebitleri birikdirmekde has uly orna eýe bolup biler.

Mundan başga-da Merkezi Aziýanyň içerki transport geçelgelerini özgertmek ugrunda sebitiň ýurtlary tarapyndan netijeli işleriň alnyp barylýandygy we bu ugurda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň wajyp orny eýeleýändigi agzaldy.

ÝTÖB-iň çarşenbe güni neşir edilen sebitleýin ykdysady mümkinçilikleri baradaky hasabatyna görä, Merkezi Aziýa sebitiniň jemi içerki önümi 2022-nji ýylda ortaça 4,3 göterim, 2023-nji ýylda 4,9 göterim ýokarlanjakdygy çaklanylýar. Bu görkezijiler bankyň ozalky çaklamasyndan ýokarydyr.

2022