Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi bugdaýy we nebiti import etmek üçin Türkmenistan, Gazagystan we Eýran bilen şertnama baglaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada “TOLOnews” teleýaýlymy geçen hepdäniň şenbe güni habar berdi.
Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň metbugat sekretary Abdul Salam Jawad bu şertnamalaryň Owganystandaky harytlaryň bahalaryny kadalaşdyrmak üçin täsirli boljakdygyny aýtdy.
“Türkmenistan bilen nebit boýunça gepleşikler geçirdik. Biz resmi we hemişelik şertnamalar baglaşmak isleýäris” diýip, Abdul Salam Jawad aýtdy. Şeýle-de Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň metbugat sekretary “Gazagystan, Türkmenistan, Eýran bilen bugdaý we un barada gepleşikleri geçirýäris” diýip belledi.
Türkmenistan we Owganystan bilelikde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) elektrik geçirijisi we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle hem demir ýollaryň gurluşygy boýunça taslamalary durmuşa geçirýärler.