“Belawia” awiakompaniýasy Türkmenistana howa gatnawlaryny gaýtadan ýola goýar

BIZNES TURKMENISTAN
“Belawia” awiakompaniýasy Türkmenistana howa gatnawlaryny gaýtadan ýola goýar
Ilkinji uçuşyň 11-12-nji oktýabrda amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Belarusyň “Belawia” milli awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli halkara gatnawlaryny gaýtadan ýola goýar diýip, Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy geçen hepdäniň anna güni habar berdi.

“Belawia” awiakompaniýasy Minsk-Türkmenbaşy-Minsk ugry boýunça uçuşlary amala aşyrar.

Ýolagçy uçary sişenbe güni Minskden Türkmenbaşa we çarşenbe güni Türkmenbaşydan Minskä uçar.

Ilkinji uçuşyň 11-12-nji oktýabrda amala aşyrylmagyna garaşylýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 1-nji oktýabrdan başlap Belarusyň paýtagty Minsk şäherine yzygiderli halkara gatnawlaryny amala aşyrar diýip, Minsk milli howa menziliniň metbugat gullugy geçen hepdäniň penşenbe güni habar berdi. Aşgabat-Minsk-Türkmenabat ugry boýunça “Boeing 737-800” kysymly ýolagçy uçary tarapyndan hepdäniň şenbe günleri amala aşyrylýar.

2022