Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz eksportyny artdyrmagyň üstünde işleýär diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň “Ženmin Žibao” gazetinde çap edilen makalasynda bellenilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energiýa pudagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugry bolup durýandygyny aýdyp, 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurulmagy we ulanmaga berilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany bolandygyny belledi.
“Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan zerurlyklaryny we Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.
Türkmenistan Hytaýa şu ýylyň ýanwar-iýun aralygynda 4 milliard 510 million ABŞ dollarlyk tebigy gaz iberdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 1,5 esse ýokarydyr.