Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda 13 sany geleşik baglaşyldy. Bu geleşikleriň umumy bahasy 16,8 million manada barabar boldy.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Russiýaly satyjylardan umumy bahasy 7,5 million manada barabar bolan А500С görnüşli gurluşyk armaturasynyň 500 tonnasyny satyn aldy. Gurluşyk armaturasynyň her bir tonnasynyň bahasy 15 müň manada deň boldy. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni habar berdi.
Şeýle-de ýerli telekeçi içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million manada deň bolan granulirlenen tehniki kükürdiň 500 tonnasyny satyn aldy.
Türkmenistanyň işewür toparlary elde dokalan türkmen halylaryny 38,8 müň manada satyn aldylar.
Şeýle hem, türkmen işewür wekilleri bahasy 8,2 million manat bolan Т50-500 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 500 tonnasyny satyn almak üçin geleşik baglaşdylar.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.