Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 228,8 million ABŞ dollaryna ýetdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijisine golaýlady diýip, Gazagystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewiň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çarşenbe güni çap edilen makalasynda bellenilýär.
Askar Tažibaýew geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky özara söwdanyň möçberi 254,3 million ABŞ dollaryna deň bolup, munuň özi, 2020-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende iki esse ýokarydygyny habar berdi.
“Şol bir wagtyň özünde Döwlet Baştutanlary tarapyndan ýakyn bäş ýylda bu görkezijini 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek wezipesi öňde goýuldy” diýip, Gazagystanyň ilçisi aýtdy.
Askar Tažibaýew öz makalasynda ýurtlaryň arasyndaky serhetara hyzmatdaşlygyň işjeň ösýändigini mälim etdi.
“Gazagystanyň Mangistau sebiti bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasyndaky mümkinçiliklere köp üns berilýär. Iki ýurduň serhedinde ýörite serhetaşa söwda zolagynyň döredilmegine garaşylýar” diýip, Gazagystanyň ilçisi belledi.
Askar Tažibaýew iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana ilkinji döwlet saparynyň boljakdygyny we oňa taýýarlyk işleriniň soňky tapgyrdadygyny aýtdy.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.