Gazagystanyň Parlamentiniň Mejlisi “Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda gazak-türkmen döwlet serhedini bellemek we Hazar deňzinde balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemek boýunça ylalaşygy ratifisirlemek hakynda” kanunyň taslamasyny kabul etdi. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” agentligi sişenbe güni habar berdi.
Ylalaşygyň maksady Hazar deňzinde Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwlet serhedini, territorial suwlaryny we balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemek bolup durýar.
Mejlisiň ýygnagynda resminama bilen tanyşdyran Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi ylalaşygyň ratifisirlenmegi iki ýurduň arasynda Hazar deňziniň düýbüniň bölünmegi bilen baglanyşykly jedelleriň öňüni aljakdygyny aýtdy.
Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda gazak-türkmen döwlet serhedini bellemek we Hazar deňzinde balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemek boýunça ylalaşyk 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrnda Aşgabatda baglaşyldy.