Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşi Emomali Rahmony doglan güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşi Emomali Rahmony doglan güni bilen gutlady
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda: “Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Täjigistan Respublikasy raýatlarynyň abadançylygyny we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Şunuň bilen birlikde, Täjigistanyň sebitde hem, onuň çäklerinden daşarda hem eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy bellenilmäge mynasypdyr” diýlip aýdylýar.

“Ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça teklipdir başlangyçlary goldaýarys, dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmäge Siziň aýratyn üns berýändigiňizi hem-de ägirt uly goşant goşýandygyňyzy aýratyn bellemek isleýärin” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.

Döwlet Baştutanymyz kärdeşi Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlygy, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

2022