Türkmenistanda Hatyra güni mynasybetli gül goýmak çäresi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Hatyra güni mynasybetli gül goýmak çäresi geçirildi
“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda Hatyra güni mynasybetli Aşgabat şäherindäki “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda gül goýmak çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Bu gün türkmen halky 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijede Aşgabatda bolup geçen ýer titremede şehit bolanlary, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryny hem-de Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylaryny ýatlaýar.

Şeýle-de gül goýmak çäresine Milli Geňeşiň palatalarynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, il ýaşululary we talyplar gatnaşdylar.

Soňra “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny we söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlap, sadaka berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022