Ahalyň merkezinde täze metjit gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahalyň merkezinde täze metjit gurlar
Gurbanguly Berdimuhamedow yslam dini halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidigini belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanyşdyrdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow yslam dini halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidigini belläp, türkmen halkynyň asylly ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.

Ahal welaýatyna iş saparynyň dowamynda Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň gurluşygyna, onuň mährabynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemäge din wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular bilen maslahatlaşyp başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra gününiň bellenilýändigini aýdyp, 7-nji oktýabrda bolsa merkezde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýeriniň kesgitlenilmegi mynasybetli, özüniň ýazan kitaplary üçin düşen galam hakynyň serişdeleriniň hasabyna toý sadakasynyň beriljekdigini belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen aýyň ortasynda gurluşygy dowam edýän Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezine baryp, Saglyk ýolunyň geçjek ýerleriniň çyzgysy bilen tanyşdy.

2022