Gazagystanda “Merkezi Aziýa – Russiýa” sammiti geçiriler

BIZNES TURKMENISTAN
Gazagystanda “Merkezi Aziýa – Russiýa” sammiti geçiriler
Astana, Gazagystan

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda “Merkezi Aziýa – Russiýa” sammiti geçiriler. Bu barada “Kazinform” agentligi Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Şeýle hem şol gün Gazagystanyň baştutanlygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Mundan başga-da, 13-nji oktýabrda Kasym-Žomart Tokaýewiň baştutanlygynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI sammiti geçiriler. Forumyň çäginde Gazagystanyň Prezidenti Döwlet Baştutanlary, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Geljek hepde Gazagystana Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Taniniň sapar etmeklerine garaşylýar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew geçen hepde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Döwlet Baştutanymyza gutlag hatyny iberdi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakyn wagtda amala aşyrjak döwlet saparynyň gazak-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigini aýtdy.

2022