Türkmenistan Hazarýaka ýurtlarynyň ulag-aragatnaşyk pudagyndaky päsgelçilikleri kesgitlemek we aýyrmak ugrunda çykyş edýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow penşenbe güni Moskwanyň “Skolkowa” merkezinde geçirilen II Hazar ykdysady forumynyň plenar mejlisinde aýtdy. Bu barada TASS agentligi habar berdi.
Plenar mejlisine Türkmenistanyň wise-premýeri, Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow we Eýranyň birinji wise-Prezidenti Muhammet Mohber gatnaşdylar.
“Biziň pikirimizçe, Hazarýaka döwletleriniň arasynda 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda gol çekilen ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy barada güýje giren ylalaşygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem ulag we aragatnaşyk pudagyndaky bökdençlikleri ýüze çykarmak we olary aýyrmak boýunça işleri güýçlendirmek, aragatnaşyk mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin täze ulag we logistika geçelgelerini ösdürmek möhüm diýip hasaplaýarys” diýip, Hojamyrat Geldimyradow aýtdy.
Wise-premýer Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň depginli ösýän we geljegi uly bolan ulag pudagyna aýratyn üns berýändigini aýtdy.
Hazar ykdysady forumyny (CEF) döretmek hakynda karary Hazarýaka ýurtlarynyň baştutanlary (Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Türkmenistan) tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda geçirilen sammitinde kabul edildi. Ilkinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň Türkmen kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.
Foruma diňe Hazarýaka ýurtlaryndan däl, eýsem Belarusyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň müňden gowrak wekiliýeti gatnaşdy.
Forumda ulag infrastrukturasy, energiýa, daşky gurşawy goramak, sebitara hyzmatdaşlygy we medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. II Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.
III Hazar ykdysady forumy 2023-nji ýylda Eýranda geçiriler.