Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda suwuklandyrylan gaz satyn almak boýunça 5 geleşik baglaşyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 1,8 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDHÇMB penşenbe güni habar berdi.
Owganystanyň telekeçileri TDHÇMB-nyň söwdalarynda suwuklandyrylan gazyň jemi 4 müň tonnasyny satyn aldylar. Suwuklandyrylan gazyň her bir tonnasynyň bahasy 465,50 ABŞ dollaryna deň boldy.
Eksporta ugradylan suwuklandyrylan gaz Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.
Şeýle hem, içerki bazar üçin ýerli işewürler elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.