Ahalyň täze merkezinde guruljak metjidiň ýerinde toý sadakasy berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahalyň täze merkezinde guruljak metjidiň ýerinde toý sadakasy berildi
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, toý sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýerinde toý sadakasyny berdi. Täze metjidiň guruljak ýerinde berlen toý sadakasy Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden kitaplary üçin düşen galam haky serişdeleriniň hasabyna berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsi we Ahal welaýatynyň ymamy bilen gürrüňdeş bolup, häzirki döwürde jemgyýetimizde sogaply işleriň amal edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi we bu toý sadakasynyň Muhammet pygamberiň doglan gününe gabat gelendigini aýtdy.

“Ähli ediljek doga-dilegler hasyl bolup dolansyn! Türkmen topragynda hemişe bagtyýarlyk, abadançylyk höküm sürsün!” diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni jemledi.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, toý sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soň, toý sadakasyna gatnaşyjylar Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň geljeginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň bähbidine Gahryman Arkadagymyzyň başlan ähli asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.

Soňky ýyllarda döwrebap metjitler, paýtagtymyzda, şeýle-de Mary, Daşoguz, Lebap we Balkan welaýatlarynyň merkezlerinde, käbir şäherlerde, etraplarda hem guruldy.

2022