Oktýabr I hepde: eksport geleşikleri $14,1 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Oktýabr I hepde: eksport geleşikleri $14,1 milliondan geçdi
Daşary ýurtly işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) geçen hepde daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 14 million 140 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, dizel we peç ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Şeýle-de içerki bazar üçin ýurdumyzyň işewürleri umumy bahasy 27 million 619 müň manatdan gowrak bolan “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, gurluşyk serişdelerini, el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepde TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

2022