Türkmen-owgan bilelikdäki demir ýol taslamalary maslahatlaşyldy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmen-owgan bilelikdäki demir ýol taslamalary maslahatlaşyldy
Duşuşygyň dowamynda taraplar 30 kilometrlik Akina-Andhoý demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Owganystanyň demir ýol edaralary ýekşenbe güni bilelikdäki demir ýol taslamalaryny maslahatlaşmak üçin sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar owgan talyplarynyň Türkmenistana okuwa iberilmegi, 30 kilometrlik Akina-Andhoý demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilişi we Akinadan Mazari-Şerif şäherine çenli demir ýol ugrunyň uzaldylmagy ýaly meseleleri içgin maslahatlaşdylar. Bu barada Owganystanyň demirýol edarasynyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Şeýle-de gepleşikde türkmen tarapy Andhoý stansiýasyndan Andhoýyň merkezine çenli uzajak 10 kilometrlik demir ýoluň gurluşygy barada karara gelmek üçin ýakyn wagtda Akina tehniki wekiliýetiň iberiljekdigini aýtdy.

Häzirki wagtda Owganystanyň demir ýol ulgamy Türkmenistanyň demir ýol ulgamyna iki serhet nokadynda, ýagny Turgundyda we Akinada birikýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022