Türkmenistan we TÜRKSOY Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri gurnamakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we TÜRKSOY Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri gurnamakçy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultanbaý Raýew hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew sişenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri gurnamagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Şol bir wagtda, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň TÜRKSOÝ guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini belläp, medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.

TÜRKSOÝ türki halklaryň medeniýetini, dilini, taryhyny, sungatyny, däplerini we dessurlaryny öwrenmek, ösdürmek we geljekki nesiller üçin gorap saklamak ugrunda hereket edýän abraýly gurama bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022