Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleriniň geňeşi çarşenbe güni Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen duşuşykda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça meselelere, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine garadylar. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanaty habar berdi.
Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen bu duşuşyga Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Arkalaşygyň çäginde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe kararlara gelindi.
Şeýle hem taraplar 14-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek GDA sammitinde Döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenjek resminamalaryň taslamalary barada ylalaşdylar.
GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki duşuşygy 2023-nji ýylyň aprelinde Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriler.