Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022” sergisi öz işine başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022” sergisi öz işine başlar
Geçiriljek bu halkara serginiň esasy maksatlarynyň biri hem milli we halkara nebit kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekdir.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022” atly halkara sergi 26-njy oktýabrda adybir halkara forum bilen bilelikde Aşgabatda öz işine başlar. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni forumyň guramaçylarynyň maglumatyna salgylanyp habar berdi.

Bu sergi “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “Turkmen Forum” HJ bilen bilelikde gurnalar. “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022” halkara serginiň dowamynda Türkmenistanyň we halkara nebit-gaz pudagynyň iň gowy üstünlikleri, uglewodorod ulgamynyň ösüşi boýunça täze pikirler, nebit önümçiliginde we energiýa serişdeleriniň daşalmagynda ulanylýan innowasion tehnologiýalar, uglewodorod çig malynyň saklanyş ulgamy, hyzmatlar şeýle hem häzirki döwürde Merkezi Aziýa sebitinde dowam edýän we geljekki nebitgaz taslamalary bilen tanyşdyrlar.

Geçiriljek bu halkara serginiň esasy maksatlarynyň biri hem milli we halkara nebit kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekdir.

Sergä 40-dan gowrak daşary ýurt we türkmen kompaniýalary gatnaşar. “Dragon Oil”, “Petronas”, CNPC, TATNEFT, ENI we “Schlumberger” ýaly dünýäniň öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalary Türkmenistanyň nebit, gaz, energetika we nebithimiýa ulgamynda täze maýa goýum taslamalary hakynda sergä gatnaşyjylaryň habarlylygyny artdyrmak maksady bilen öz diwarlyklaryny hödürlärler.

Şeýle-de serginiň dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar gurnalar we B2B gepleşikler geçirmek üçin platforma dörediler. Duşuşyklar onlaýn görnüşde hem geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022” XXVII halkara forumyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynyň ösüşindäki soňky global we sebitleýin tendensiýalar, sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek we täze gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

2022