TDHÇMB-da çarşenbe güni ECO-93 görnüşli awtoulag benzini satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni ECO-93 görnüşli awtoulag benzini satyldy
Özbegistanyň we Owganystanyň işewürleri ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň jemi 15,5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda ECO-93 görnüşli awtoulag benzini satyn almak boýunça 16 geleşik baglaşyldy. Bu geleşikleriň umumy bahasy 12,4 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Özbegistanyň we Owganystanyň işewürleri ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň jemi 15,5 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB penşenbe güni habar berdi.

ECO-93 görnüşli awtoulag benzini Ahal welaýatynyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynda öndürildi.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022