Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy
Sammityň netijeleri boýunça Döwlet Baştutanlary medeniýet hyzmatdaşlygyny ösdürmek boyunça Beýannama gol çekdiler. (Surat: Akorda.kz)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.

Bu sammitiň dowamynda GDA-nyň giňişliginde integrasiýanyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri maslahatlaşyldy we GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň gurallarynyň kämilleşdirilmegi ugrunda degişli çözgütler kabul edildi.

Ykdysadyýet özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleriniň hataryna goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatlarda erkin söwda baradaky şertnamanyň taslamasynyň gol çekilmegi üçin taýýarlanýandygy mälim edildi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy-ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew öz çykyşynda GDA-nyň başlyklygynyň Gyrgyz Respublikasyna geçýändigini mälim etdi.

Döwlet Baştutanlary GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary wezipesini Baş sekretar wezipesine üýtgetmek boýunça karara geldiler. Bu wezipä Sergeý Lebedew saýlandy.

Sammitiň netijeleri boýunça Döwlet Baştutanlary medeniýet hyzmatdaşlygyny ösdürmek boyunça Beýannama gol çekdiler. Şeýle hem, GDA-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalar kabul edildi.

GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi 2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçiriler.

2022