Türkmenistan bilen BAE hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistan bilen BAE hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli gepleşikleriň işjeňleşdirilmegine taýýardygyny mälim etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui penşenbe güni Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde ulag-logistika, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýetini belläp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli gepleşikleriň işjeňleşdirilmegine taýýardygyny mälim etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystana iş saparynyň çäginde çarşenbe güni Singapuryň premýer-ministriniň edarasynyň Ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen hem duşuşyk geçirdi.

2022