Türkmen ilçisi Belgiýanyň Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmen ilçisi Belgiýanyň Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy
Ilçi Sapar Pälwanow patyşa Filipe Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga gönükdirilen berk garaýşyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Pälwanow penşenbe güni Brýusseliň Patyşalyk köşgünde Belgiýanyň patyşasy Filipe ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Sapar Pälwanow patyşa Filipe Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga gönükdirilen berk garaýşyny beýan etdi. Bu barada Gollandiýanyň “Diplomatic Magazine” žurnaly habar berdi.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ähli ugurlarda ynamly gatnaşyklary berkitmek ilçiniň esasy maksatlarynyň biridir diýip, habarda bellenilýär.

Ilçi Sapar Pälwanow iňlis, rus we türk dillerini bilýär. Ol Türkmenistanyň Brýusseldäki wekilhanasyna ýolbaşçylyk etmek bilen, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi, Gollandiýa Patyşalygy, Lýuksemburgyň Beýik Gersoglygy we Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça gurama bilen gatnaşyklaryna wekilçilik edýär.

Sapar Pälwanow 2013-nji ýylda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde hünärmen bolup işe başlady. Ol Halkara gatnaşyklar institutynda sapaklary hem berdi. 2015-nji ýyldan başlap Daşary işler ministrliginiň Amerika bölüminde öz zähmet ýoluny dowam etdi we 2018-nji ýylda şol bölümiň başlygy wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynda Sapar Pälwanowy Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine belledi.

 

 

2022