Oktýabr II hepde: eksport geleşikleri $18 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Oktýabr II hepde: eksport geleşikleri $18 milliona golaýlady
Owganystandan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen telekeçilere daşary ýurt puluna ECO-93 awtoulag benzini satyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 17 million 775 müň 550 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Owganystandan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen telekeçilere daşary ýurt puluna ECO-93 awtoulag benzini satyldy.

Şeýle hem Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewürleri jins matasyny, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini satyn aldylar.

BAE-den gelen işewürler manat serişdesine Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen, jemi bahasy 7 million 150 müň manat bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

2022