Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar
Serhetýaka söwda zolagynyň işini halkara we sebit lomaý-bölek söwdasynyň häzirki zaman iş tejribesini hasaba alyp ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew Ministrler Kabinetiniň ýekşenbe güni geçirilen mejlisiniň dowamynda türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça geçirilen işler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Batyr Atdaýew Türkmenistan bilen Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny - Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, degişli düzümler tarapyndan bu ugurda talabalaýyk işleriň geçirilýändigini, şeýle-de serhetýaka söwda zolagynyň işini halkara we sebit lomaý-bölek söwdasynyň häzirki zaman iş tejribesini hasaba alyp ýola goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Şeýle hem wise-premýer şunuň bilen baglylykda serhetýaka söwda zolaklarynyň meýdany we ýerleşjek ýerleriniň çäkleri boýunça teklibi Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny aýdyp, doganlyk we dostlukly ýurduň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydygyny aýratyn belläp, wise-premýere bu ugurda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň hökümetleriniň arasyndaky türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň – söwda merkeziniň döredilmegi we onuň işini kadalaşdyrmak baradaky şertnama 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekildi.

2022