Aşgabat şäherinde döredilen “Daşkent” seýilgähiniň açylyş dabarasy şu hepde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçiriler.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 20-21-nji oktýabr aralygynda Türkmenistana resmi sapar amala aşyrar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadowyň aýdanlaryna salgylanyp, “UzDaily” habarlar gullugy duşenbe güni habar berdi.
Resmi saparyň dowamynda, iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasynda dar we giň düzümli gepleşikler geçiriler. Bu saparyň dowamynda, esasan hem, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen baglanşykly ençeme resminamalar gol çekiler.
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygynyň başlanmagyna hem gatnaşar.
2018-nji ýylda iki döwletiň dostlugynyň we doganlygynyň alamaty hökmünde Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Aşgabat” seýilgähi açyldy.