TDHÇMB-da duşenbe güni nah ýüplükleri eksporta satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da duşenbe güni nah ýüplükleri eksporta satyldy
Birleşen Arap Emirlikleriniň wekili nah ýüplükleriň jemi 88 müň kilogramyny satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda nah ýüplükleri satyldy. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni mälim etdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň wekili nah ýüplükleriň jemi 88 müň kilogramyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 2,8 million manada deň boldy.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda satyn alynan nah ýüplükler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanasynda öndürildi.

TDHÇMB-nyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 17 million 775 müň 550 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022