Günorta Koreýa bilen Merkezi Aziýa ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Günorta Koreýa bilen Merkezi Aziýa ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär
Foruma gatnaşyjy ýurtlaryň diplomatlary we hünärmenleri energiýa, sanly tehnologiýa, ykdysady howpsuzlyk, syýahatçylyk we saglygy goraýyş pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Günorta Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň baş diplomatlary sişenbe güni Koreýanyň Pusan şäherinde geçirilen sebitleýin forumda ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar. Bu barada “Yonhap” agentligi habar berdi.

“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine Günorta Koreýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga niýetlenen gepleşik platformasy 2007-nji ýylda döredildi.

Forumyň dowamynda Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri Park Jin Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa we infrastruktura ýaly dürli ugurlarda wajyp hyzmatdaş bolup durýandyklaryny nygtady.

“Şu ýyl Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy we biziň hyzmatdaşlygymyz özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlyga we medeni meňzeşliklere esaslanyp, ýokary depginde ösdi” diýip, Park Jin gutlag çykyşynda aýtdy.

Şeýle hem, Park Jin foruma gatnaşyjylardan 2030-njy ýylda geçiriljek “World Expo” dünýä sergisini Pusan şäherinde geçirmek dalaşgärligine goldaw bermeklerini haýyş etdi.

Foruma gatnaşyjy ýurtlaryň diplomatlary we hünärmenleri energiýa, sanly tehnologiýa, ykdysady howpsuzlyk, syýahatçylyk we saglygy goraýyş pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

2022