TDHÇMB-da duşenbe güni nebit-gaz önümleri we el halylary satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da duşenbe güni nebit-gaz önümleri we el halylary satyldy
TDHÇMB-da duşenbe güni geçirilen söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy 456 müň ABŞ dollaryna we 154,5 million manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda nebit-gaz önümlerini we el halylaryny satyn almak boýunça 32 geleşik baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni habar berdi.

Owganystanyň wekili suwuklandyrylan gazyň 1 müň tonnasyny satyn aldy. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 456 ABŞ dollaryna deň boldy. Geleşigiň umumy bahasy 456 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin nebit önümleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda 56 million manada jemleýji nebit koksynyň 5 müň tonnasyny, 28,2 million manada gyzdyrylan nebit koksynyň 2 müň tonnasyny, 1,8 million manada TPPZ 30 G görnüşli polipropileniň 70 tonnasyny, 26,1 million manada TPP В 30 S görnüşli polipropileniň 1 müň tonnasyny we 42,3 million manada SN-350 görnüşli başlangyç ýagynyň 3 müň tonnasyny satyn aldylar.

Şeýle hem TDHÇMB-nyň söwdalarynda türkmen işewürleri 40 müň manatdan gowrak bolan 17 inedördül metrden gowrak el halylaryny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda duşenbe güni geçirilen söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy 456 müň ABŞ dollaryna we 154,5 million manada deň boldy.

2022