Gruziýa türkmen tebigy gazyny satyn almaga isleg bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gruziýa türkmen tebigy gazyny satyn almaga isleg bildirýär
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XXVII halkara maslahaty, 2022-nji ýylyň 26-njy oktyabry, Aşgabat

Gruziýanyň nebit we gaz korporasiýasynyň (GOGC) Baş direktory Georgiý Çikowani çarşenbe güni Aşgabatda öz işine başlan “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XXVII halkara maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda Gruziýanyň türkmen tebigy gazyny satyn alamaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

“Diňe bir Ýewropa Bileleşigi däl, eýsem Gruziýa hem Türkmenistanyň tebigy gaz üpjünçiligi bilen gyzyklanýar. Men Ýewropa Bileleşigi bilen günorta Kawkazyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň, şeýle hem pudak wekilleriniň arasynda has giňişleýin gepleşik geçirmäge çagyrýaryn” diýip, Georgiý Çikowani öz çykyşynda belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň barha artýan türkmen tebigy gazyna bolan islegi kanagatlandyryp biljekdigine ynam bildirdi.

"Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow halkara maslahatyň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň tebigy gazy Ýewropa ibermekde uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

“Türkmenistan dünýä energetika giňişliginde ygtybarly gaz eksport ediji bolup, bu ugurda esasy orny eýeleýär hem-de Ýewropa tebigy gazy ibermekde uly mümkinçilikden peýdalanýar. Dünýä energiýa bazaryndaky tebigy gaza bolan islegi göz öňünde tutup, “Türkmengaz” döwlet konserni sebitdäki energiýa howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen halkara energiýa bazarlaryna ugurlary we üpjünçilikleri has-da diwersifikasiýalaşdyrmak üçin hyzmatdaşlyga taýýardyr” diýip, konserniniň başlygy öz çykyşynda belledi.

Şeýle hem Batyr Amanow häzirki wagtda Türkmenistanda gaz önümçiligini we eksportyny artdyrmak hem-de tebigy gazy gaýtadan işlemegi ýokarlandyrmak üçin birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergisi hem Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni irden öz işine başlady.

2022