Gyrgyzystan 350 million kub metr türkmen tebigy gazyny import etmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystan 350 million kub metr türkmen tebigy gazyny import etmekçi
Häzirki wagtda Gyrgyzystanyň Energetika ministriniň baş orunbasary Aşgabatda türkmen tebigy gazyny satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär.

Gyrgyzystan Türkmenistandan 350 million kub metr tebigy gazy satyn almak boýunça gepleşikler geçirýär. Bu barada Gyrgyzystanyň Energetika ministri Talaýbek Ibraýewiň Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşiniň mejlisinde aýdanlaryna salgylanyp, “24.kg” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Gyrgyzystanyň Energetika ministri häzirki wagtda baş orunbasarynyň Aşgabatda türkmen tebigy gazyny satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýändigini mälim etdi.

Şeýle hem Talaýbek Ibraýew Türkmenistandan Gyrgyzystana 2 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny ibermek boýunça ylalaşygyň gazanylandygyny belläp geçdi.

Türkmenistan Gyrgyzystana 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri elektrik energiýasyny eksport edýär.

2022