Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde penşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ýokary derejeli ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň ilkinji duşuşygyna Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow we Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar 30 ýyllyk köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerini beýan etdiler. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar umumy gymmatlyklar we özara bähbitler bilen berkidilen güýçli, köp ugurly we geljegi uly bolan hyzmatdaşlygy gurmagy dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň kabul eden metbugat beýanatyna görä, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ÝB arasyndaky gatnaşyklarynyň bar bolan ýokary derejeli platformalaryň üsti bilen institutlaşdyrylmagyna hoşallyk bildirdiler we sebitara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde raýat jemgyýetiniň işjeň gatnaşmagynyň wajyplygyny bellediler.
Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Merkezi Aziýa Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň bilelikdäki Beýanatynda görkezilişi ýaly olaryň sebitleýin hyzmatdaşlygy we arabaglanyşygy güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
Merkezi Aziýa Döwlet Baştutanlary pandemiýadan soň ykdysady ösüşi güýçlendirmek, COVID-19 sebäpli ýüze çykan durmuş-ykdysady kynçylyklary ýeňip geçmek we sebitde serhetara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ÝB-niň goşandyna ýokary baha berdiler. Şeýle-de taraplar amatly işewürlik gurşawynyň döredilmegi sebitde aragatnaşyk, söwda we maýa goýumlary has-da ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigini bellediler. Bu nukdaýnazardan, taraplar Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa ykdysady forumynyň döredilmegine ýokary baha berdiler.
Ýewropa Bileleşigi 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Merkezi Aziýa boýunça Strategiýasyny kabul etdi.