SOCAR kompaniýasy Türkmenistanda wekilhana açmak boýunça gepleşik geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
SOCAR kompaniýasy Türkmenistanda wekilhana açmak boýunça gepleşik geçirýär
Doly döwlet eýeçiligindäki SOCAR milli nebit-gaz kompaniýasynyň edara binasy Azerbaýjanyň Baku şäherinde ýerleşýär.

Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) Türkmenistanda wekilhana açmak boýunça gepleşik geçirýär. Bu barada SOCAR kompaniýasynyň ylym we tehnalogiýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Emin Alekperow 26-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XXVII halkara maslahatyň dowamynda SNG.fm onlaýn radiosyna beren söhbetdeşliginde mälim etdi.

“SOCAR-nyň Prezidenti türkmen tarapy bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda tebigy baýlyklary daşamak, şeýle hem Türkmenistanda kompaniýanyň wekilhanasyny açmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu bolsa nebit-gaz we logistika ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem netijeli ösdürmäge mümkinçilik berer” diýip Emin Alekperow söhbetdeşligiň dowamynda aýtdy.

SOCAR kompaniýasynyň Prezidenti Rowşan Najaf “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XXVII halkara maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly häzirki wagta çenli jemi 32 million tonna türkmen nebiti dünýä bazarlaryna eksport edilendigini belläp geçdi.

Doly döwlet eýeçiligindäki milli nebit-gaz kompaniýasy bolan SOCAR 1992-nji ýylda döredilip, onuň edara binasy Azerbaýjanyň Baku şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa Hazar deňziniň Azerbaýjan böleginde gury ýerdäki we deňiz ýataklaryndan nebit we tebigy gaz öndürýär.

2022