Türkmenistan we Awstriýa bilelikdäki ykdysady komissiýanyň mejlisini geçirer. Bu barada Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň metbugat sekretary we maglumat bölüminiň başlygy Gabriel Ýueniň aýdanlaryna salgylanyp, "Trend" agentligi ýekşenbe güni habar berdi.
“Şu ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Awstriýa-Türkmenistan Ykdysady Komissiýasynyň 11-nji mejlisi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriler. Bu pursatdan peýdalanyp, Awstriýanyň işewür toparlary Türkmenistana bararlar we ol ýerde geçiriljek duşuşyklar ikitaraplaýyn ykdysady meýilnama itergi berer diýip umyt edýäris” diýip, ministrliginiň metbugat sekretary aýtdy.
Şeýle hem Gabriel Ýuen geografiki uzaklyga garamazdan Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlarynda gowy netijeleriň gazanylýandygyny belläp geçdi.
“Dünýä ykdysadyýetiniň peselmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan çylşyrymly meselelere garşy işjeň göreşmek möhümdir. Bu ýagdaý Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklarymyza hem degişli bolup, şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda ikitaraplaýyn ykdysady komissiýanyň mejlisini geçirmegimiziň sebäplerinden biridir” diýip, Gabriel Ýuen aýtdy.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhartyň Aşgabat şäherine eden saparynyň çäginde Türkmenistanyň we Awstriýanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.