Russiýanyň döwlet demirýollary (RŽD) AGPJ-niň golçur kompaniýasy bolan “RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan Eýrana ilkinji yzygiderli konteýner otlysynyň gatnawyny ýola goýdy.
Täze gatnawyň çäginde otly Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden geçip, onuň ýükleriniň Hindistan ýaly beýleki ugurlara ugradylmagy üçin Eýranyň Bander Abbas portyna barar. Bu barada RŽD-nyň anna güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.
Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, otly yzyna gaýdanynda oňa Russiýanyň bazary üçin önümler hem ýükleniler.
RŽD iýul aýynyň başynda ilkinji konteýner synag otlusyny Hindistanyň Nawa Şewa portuna ugratdy. Şol synag otlusy resmi hyzmatyň dowam etjek ýoly bilen ugradyldy. Yzgiderli hyzmat bolmazdan ozal, iýul aýyndan oktýabr aýynyň ahyryna çenli synag otlularynyň azyndan altysy bu ugurda hereket etdi.