Türkmenistanyň raýatlary ilat ýazuwyna işjeň gatnaşmaga çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň raýatlary ilat ýazuwyna işjeň gatnaşmaga çagyrylýar
“Ilat ýazuwy-2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek!” şygary astynda guralýan uçdantutma ýazuwy şu ýylyň dekabr aýynyň 17-27-si aralygynda geçiriler.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti türkmen raýatlaryny ýurtda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Statistika komiteti ilat ýazuwynyň wagty we onuň ýurdy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekdäki ähmiýeti barada raýatlara “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy arkaly maglumat berdi.

Maglumata görä, “Ilat ýazuwy-2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek!” şygary astynda guralýan uçdantutma ýazuwy şu ýylyň dekabr aýynyň 17-27-si aralygynda geçiriler.

Şu ýyl gurnaljak ilat ýazuwy ilkinji gezek sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly geçiriler. Olaryň ulanylmagy ýurtda demografiki we durmuş-ykdysady görkezijiler barada iň takyk maglumatlary ýygnamaga ýardam bermegine garaşylýar.

2022