Türkmenistan we Russiýa parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Russiýa parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler
Taraplar iki ýurdyň Prezidentleriniň kabul eden strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Jarnamanyň ýerine ýetirilmeginde parlamentleriň wezipesine aýratyn üns berdiler.

Moskwa dostlukly saparyň çäginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko sişenbe güni parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň resmi metbugaty habar berdi.

Matwiýenkonyň aýtmagyna görä, bu ylalaşyk özara gatnaşyklaryň täze hil derejesini, täze tapgyryny alamatlandyrýar.

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygynyň özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan syýasy dialogyň örän durnuklylygy bilen tapawutlanýandygyny nygtady we Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berýändigini aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary depginde ösýändigini, iki ýurduň kanun çykaryjylarynyň gatnaşyklary, olaryň hünär derejesindäki we şahsy duşuşyklary yzygiderli häsiýete eýe bolup, döwletara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumynyň aýrylmaz bölegine öwrülýändigini belledi.

Walentina Matwienko parlamentara toparynyň ilkinji ýygnagyny Moskwa we Astrahan şäherlerinde geçirmegi we toparyň milli bölümlerini döretmegi hem-de onuň senesini bellemegi teklip etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurdyň Prezidentleriniň kabul eden strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Jarnamanyň ýerine ýetirilmeginde parlamentleriň wezipesine aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine üç günlük dostlukly sapar bilen bardy. Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwa saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan surat sergisine gatnaşar we Federasiýa Geňeşinde çykyş eder. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy rus senatorlarynyň gatnaşmagynda “tegelek stol” geçirer.

2022