TDHÇMB-da içerki bazar üçin gysga süýümli pagta we polipropilen satyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-da içerki bazar üçin gysga süýümli pagta we polipropilen satyldy
Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler umumy bahasy 2,6 million manada deň bolan TPPZ 30 G kysymly polipropileniň 100 tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda gysga süýümli pagta we polipropilen satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 10 million manatdan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler umumy bahasy 2,6 million manada deň bolan TPPZ 30 G kysymly polipropileniň 100 tonnasyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan  polipropileniň bir tonnasynyň bahasy 26 müň 50 manada deň boldy. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni habar berdi.

Mundan başga-da, türkmen telekeçisi gysga süýümli pagtnyň dürli görnüşleriniň 430 tonnadan gowragyny satyn aldy. Şeýlelikde geleşigiň umumy bahasy 7,4 million manatdan gowrak boldy.

TDHÇMB-nyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 2 million 365 müň ABŞ dollaryna golaýlady. Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Türkiýäniň we Serbiýanyň işewürleri bolsa nah ýüplügini we buýan köküniň erginini satyn aldylar.

2022