Gazagystanyň Prezidenti Hazar deňzinde gazak-türkmen serhedini kesgitlemek boýunça ylalaşygy tassyklady

BIZNES TURKMENISTAN
Gazagystanyň Prezidenti Hazar deňzinde gazak-türkmen serhedini kesgitlemek boýunça ylalaşygy tassyklady
Bu Hazarýaka döwletleriniň Hazar deňzindäki serhetlerini kanuny taýdan kesgitleýän ilkinji resminamadyr.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda gazak-türkmen döwlet serhedini bellemek we Hazar deňzinde balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemek boýunça ylalaşygy ratifisirlemek hakynda” kanuna gol çekdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Ylalaşygyň maksady Hazar deňzinde Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwlet serhedini, territorial suwlaryny we balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemek bolup durýar.

Bu Hazarýaka döwletleriniň Hazar deňzindäki serhetlerini kanuny taýdan kesgitleýän ilkinji resminamadyr.

Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda gazak-türkmen döwlet serhedini bellemek we Hazar deňzinde balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemek boýunça ylalaşyk 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabatda baglaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022