Ýaponiýanyň hökümeti Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Ýaponiýanyň hökümetiniň resmilerine salgylanyp, “The Japan Times” gazeti çarşenbe güni habar berdi.
Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu duşuşyga Ýaponiýanyň Ýosimasa Haýasi we onuň özbek, gazak, gyrgyz, täjik, türkmen kärdeşleri gatnaşar diýlip garaşylýar.Habarda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlary Ýewropany, Aziýany we Ýakyn Gündogary birleşdirýän esasy geosyýasy merkez bolup, olar nebit ýaly tebigy baýlyklara eýedir.
Ýaponiýanyň hökümeti 2004-nji ýylda Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen bilelikdäki gepleşiklere binýat döredip, bu gatnaşyklara strategiki ähmiýet berdi.
Ýosimasa Haýasi aprel aýynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň daşary işler ministrleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdi. Emma Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň daşary işler ministrleriniň arasynda 2019-njy ýylyň maý aýyndan bäri ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirilmedi.