Aşgabat – Abu-Dabi uçuşlary başlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat – Abu-Dabi uçuşlary başlanar
Kompaniýa Abu Dabi howa menzillerinden 2022-nji ýylda azyndan 13 million ýolagçynyň gatnatmagyna garaşýar.

Türkmenistanda Abu-Dabä uçuşlar başlanar. Bu barada Abu Dabi howa menzilleriniň (ADA) Baş täjirçilik direktory, Abu Dabi halkara howa menziliniň dolandyryjysy Fransua Burena salgylanyp, ZAWYA.com penşenbe güni habar berdi.

“Ýene iki hepdeden Aşgabat şäherinden Abu-Dabä uçuşlar alnyp barlar” diýip, Fransua Burena Abu-Dabi “Air Expo 2022” sergisiniň dowamynda ZAWYA.com gullugyna mälim etdi.

Abu-Dabi halkara howa menzilinden başga-da, ADA Al Ain halkara howa menziline, Delma we Sir Bani Yas adalarynyň howa menzillerine, şeýle hem Al Bateen howa menziline eýeçilik edýär we işlerini dolandyrýar.

Kompaniýa Abu Dabi howa menzillerinden 2022-nji ýylda azyndan 13 million ýolagçynyň gatnatmagyna garaşýar.

2022