TDHÇMB-da nebit önümleri, sement we pagta satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da nebit önümleri, sement we pagta satyldy
Türkiýeli işewür ТS-1 görnüşli awiasiýa kerosininiň 1 müň tonnasyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe we çarşenbe günleri geçirilen söwdalarynda awiasiýa kerosini, gysga süýümli pagta, polietilen we portlandsement satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 1 million 294 müň ABŞ dollaryna we 12,7 million manada deň boldy. Bu barada TDHÇMB penşenbe güni habar berdi.

Türkiýeli işewür ТS-1 görnüşli awiasiýa kerosininiň 1 müň tonnasyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdy. Geleşigiň jemi bahasy 934 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan awiasiýa kerosini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.

Katar döwletinden gelen işewür PS 400-G20-K kysymly portlandsementiň 10 müň tonnasyny satyn aldy. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen baglaşylan geleşigiň umumy bahasy 360 müň ABŞ dollaryna deň body. 

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin jemi 7,4 million manada barabar bolan gysga süýümli pagtanyň 430 tonnasyny satyn aldylar. Bu önüm Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürildi.

Şeýle hem türkmen telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserininiň kärhanasynda öndürilen Т60-475-119 kysymly ýokary dykyzlykly polietileniň 296 tonnasyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaryň dowamynda baglanşylan geleşikleriň umumy bahasy 5,3 million manada deň boldy.

TDHÇMB-nyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 2 million 365 müň ABŞ dollaryna golaýlady.

2022